Pakistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

  • 30.11.2023 20:52
  • 3.2k+

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy PYR-yň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we häzirkizaman dünýäsinde halklaryň dostlugy” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi. Bu barada ýurduň daşary syýasy edarasyna salgylanyp, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Maslahatda eden çykyşynda Pakistanyň hökümetiniň Miras we medeniýet işleri boýunça federal ministri Saýed Jamal Şah Magtymguly Pyragynyň baý mirasyna ýokary baha berip, medeni-ynsanperwer ugurda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek başlangyjynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny, şol bir wagtyň özünde häzirki ylmy-amaly maslahatyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemäge mynasyp goşantdygyny belledi.
Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň ähmiýetini belläp, medeni-ynsanperwer ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmek islegini mälim etdiler.


şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:24
5.4k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......