Toyota halkara önümçiliginiň we satuwyň rekord möçberini hasaba aldy

  • 30.11.2023 11:16
  • 15k+

Oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Toyota awtokonserniniň halkara önümçiliginiň we satuwynyň möçberi bu aý üçin rekord görkezijilere ýetdi. Bu barada korporasiýanyň hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Önümçiligiň göwrümi 900 müň awtomobil boldy we bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 16,7% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, satuw möçberi 7% ýokarlanyp, 890 müň birlige ýetdi.
Kyodo agentliginiň maglumatlaryna görä, degişli oňyn tendensiýalar, esasanam, Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň bazarlarynda Toyota önümlerine sarp edijileriň isleginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr.
2022-nji ýylda Toyota golçur kompaniýalary Daihatsu we Hino bilen bilelikde 10,48 mln awtoulag satyp, dünýäde awtomobil satuwy boýunça yzygider üçünji ýyl birinji orny eýeledi. 


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......