Aşgabatda Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

  • 29.11.2023 18:56
  • 6.9k+

Aşgabatda azerbaýjan halkynyň milli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanylyp, “Geýdar Aliýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly konsert geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, Report agentligi habar berýär.

Konsertde azerbaýjan halk aýdymlary, şeýle-de kompozitorlaryň aýdymlary ýaňlandy.
Bu çärä bilelikdäki azerbaýjan-türkmen hökümetara komissiýasynyň egindeş başlyklary – Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew, Türkmenistanyň resmi şahslary, daşary ýurtlaryň ilçileri, şeýle-de jemgyýetçiligiň we KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar Aşgabatda gurnalan “Geýdar Aliýew – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň doganlygy” atly surat sergisi bilen hem tanyşdylar. Sergide beýik lider Geýdar Aliýewiň durmuşynyň we işiniň dürli döwürlerini, şeýle-de Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary görkezýän suratlar hödürlendi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......