Google köne smartfonlary ulanýanlar üçin «Calendar» goşundysyny öçürer

  • 29.11.2023 13:38
  • 5.3k+

Tehnologiýalar dünýäsinde köne wersiýadaky Android-li smartfonlaryň aglabasyna täsir edip biljek üýtgeşmeler bolup geçer.

Wagtyňy guramagyň iň meşhur goşundylarynyň biri bolan Google Calendar ykjam goşundysy Android Nougat 7.1 we has köne enjamlarda işlemegi bes edip biler. Bu goşundynyň soňky täzelenmesinde peýda bolan täze baýdakdan mälimdir.
2016-njy ýylda çykan Android Nougat Google-yň operasion ulgamynyň eýýäm köne wersiýasy hasaplanýar.
Golaýda Google Chrome hem bu wersiýany goldamagy bes etdi, indi bolsa Google Calendar hem şeýle edýär. TheSpAndroid-den AssembleDebug tarapyndan açylan goşundydaky täze baýdak Nougat goldawynyň ýakyn wagtda bes ediljekdigini görkezýär.
Gözleg ägirdiniň bu karary howpsuzlyk nukdaýnazaryndan ýerlikli bolup görünýär, sebäbi Android-iň köne wersiýalary hüjümler we maglumatlaryň syzmagy babatynda  has ejizdir.
Mundan başga-da, OS-yň köne wersiýalaryny goldamak ep-esli wagty we maliýe çykdajylaryny talap edýär. Köne telefonlar, köplenç, täze programma aýratynlyklaryny dolandyryp bilmeýärler, bu bolsa enjamyň has haýal işlemegine we beýleki kynçylyklara sebäp bolýar.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...