Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

  • 28.11.2023 13:08
  • 2.9k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. 23 — 25-nji noýabry aralygynda dowam eden Medeniýet günleri birnäçe medeni çäreleri öz içine aldy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ilkinji güni ýurdumyzyň amaly-haşam sungat eserleriniň, hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Şol gün medeniýet we sungat ussatlarymyzyň konserti hem geçirildi.
Medeniýet günleriniň ikinji güni ýurdumyzyň ösüşlerini, milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi dowam etdirildi. Şol gün iki dostlukly ýurtduň ýazyjydyr şahyrlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagynda gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi.
Mundan başga-da, Yspyhan şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Istärin» hem-de «Gyzyl kürte» ýaly filmler hem dabara gatnaşyjylara görkezildi. Belläp geçsek, «Istärin» filmi akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanan, «Gyzyl kürte» bolsa uruş ýyllaryna bagyşlanan filmlerdir.
Ýurdumyzyň Yspyhanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde medeniýet we sungat işgärleri Yspyhan şäheriniň gözel ýerlerine, taryhy ýadygärliklerine, medeni ojaklaryna gezelenç etdiler diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.


düýn 18:02
1.7k+

UN-Habitat Aşgabatda öz wekilhanasyny açmagyň mümkinçiliklerine seredýär

UN-Habitat maksatnamasy Aşgabatda özüniň taslama edarasyny açmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu barada Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher forumynda (WUF13) mälim edildi....

18.05.2026 17:46
2k+

Türkmenistanyň küştçüleri Astanadaky ýaryşlarda dört medal gazandy

Türkmenistanyň küştçüleri 14-17-nji maý aralygynda Astana şäherinde geçirilen türki döwletleriň halkara ýaryşlarynda dört sany medal gazanmagy başardy....

16.05.2026 11:13
8.8k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.4k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......