Çagalaryň arasynda geçirilen «Ýewrowideniýe» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

  • 28.11.2023 11:33
  • 9.9k+

Fransiýaly gyzjagaz Zoi Klozýur «Çagalaryň Ýewrowideniýesi» halkara aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji boldy. Bu barada BFMTV kanaly habar berdi.

13 ýaşly Klozýur 228 utuk toplap, ispaniýaly (201 utuk) we ermenistanly (180 utuk) bäsdeşlerinden öňe geçdi. Gyz mekdepdäki azar bermeler hakda öz döreden Coeur diýen aýdymy bilen sahna çykdy.

“Bu beýlekileri kemsidýänleriň pikirini üýtgeder diýip umyt edýärin. Biz - azar berilýänler ýeňijidiris, muňa olaryň düşünmegini isleýärin" – diýip, ol ýeňiş gazanandan soň aýtdy.

Jemleýji konsert 26-njy noýabrda Fransiýanyň Nissa şäherindäki “Nikaýyň köşgi” konsert zalynyň sahnasynda geçdi. 2023-nji ýylda bäsleşige 16 ýurtdan ýaş ýerine ýetirijiler gatnaşdy.
«Çagalar Ýewrowideniýesi» 2003-nji ýyldan bäri Ýewropa ýaýlym bileleşiginiň (EBU) agzalary bolan ýurtlardan 9 ýaşdan 14 ýaş aralygyndaky ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda geçirilýär. 2020, 2022 we 2023-nji ýyllarda bäsleşikde fransuzlar ýeňiji boldular.


düýn 13:24
3.9k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.2k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.1k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

17.03.2025 10:43
4.2k+

Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy. Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri...