Kazanda geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň Ýaşlaryň ylmy kongresi 25 ýurtdan 150 gatnaşyjy ýygnady

  • 28.11.2023 11:14
  • 3.5k+

27-28-nji noýabrda Kazanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň II Ýaşlaryň ylmy kongresi geçirilýär. Kongrese 25 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, 150-ä golaý ýaş alymlar we gözlegçiler gatnaşýar.

Ýaşlaryň ylmy hyzmatdaşlygy Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir diýip, kongresiň açylyş dabarasynda Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Denis Sekirinskiý belledi. Muny TASS ýetirýär.
2023-nji ýylda kongresiň işi şu ugurlara gönükdirilendir: häzirkizaman biolukmançylyk we biotehnologiýa meseleleri, häzirkizaman halkara gatnaşyklary we halkara hukugy, häzirkizaman bilim tehnologiýalary, binagärlik, dizaýn, sungat, geologiýa we nebitgaz tehnologiýalary.
Kongresiň hünärmenleri hökmünde KFU-nyň alymlary hem-de Ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitet, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Yslam guramasy, Yslam sungatyny we medeniýetini öwreniş merkezi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar forumy ýaly halkara guramalaryň wekilleri çykyş edýär. Kongresiň işi Kazan federal uniwersitetiniň bäş ýerinde geçirilýär. Kongresiň işiniň jemi boýunça materiallar ýygyndysy çap ediler.
Türkmenistan bilen bir hatarda bu kongrese Azerbaýjan, Bangladeş, Müsür, Indoneziýa, Iordaniýa, Eýran, Gazagystan, Kamerun, Gyrgyzystan, Liwan, Marokko, Mozambik, Niger, Nigeriýa, Pakistan, Palestina, Russiýa, Senegal, Siriýa, Täjigistan, Tunis, Türkiýe, Özbegistan we Çad döwletleri gatnaşýar.


11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.5k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......