Werstappen Abu-Dabidäki jemleýji ýaryşda ýeňiji bolup, F-1-däki ýeňişleri boýunça Fettelden öňe geçdi

  • 27.11.2023 14:27
  • 4.6k+

«Red Bull-yň» niderlandly sürüjisi Maks Werstappen «Formula-1» möwsüminiň Abu-Dabide geçirilen soňky ýaryşynda ýeňiji boldy. Şeýlelikde, ol karýerasyndaky 54-nji ýeňşini gazandy we bu görkeziji boýunça Sebastýan Fettelden öňe geçdi.

Şeýle hem öňdäki üçlüge ýeňiji Şarl Lekler (Ferrari) we Jorj Rassel (Mersedes) girdi. Werstappeniň topardaşy Serhio Peres pellehanadan ikinji bolup geçdi, ýöne jerime zerarly münbere çykyp bilmedi.
Werstappen möwsümdäki 19 ýaryşyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem ol «Gran Pri-däki» ýeňişleriniň sany boýunça (54) Sebastýan Fetteli yzda galdyryp, üçünji orna çykdy. Onda öňde ýeňişleriniň sany boýunça diňe Mihael Şumaher (91) we Hamilton (103) bar.
Werstappen oktýabr aýynyň başynda Katar tapgyrynda möhletinden öň çempion boldy, bu niderlandly türgeniň yzly-yzyna üçünji baýragy.
«Red Bull» Konstruktorlaryň kubogynda möhletinden öň ýeňiji boldy, «Mersedes» ikinji orny eýeledi, «Ferrari» bolsa ondan bary-ýogy üç utuk yzda galdy.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....