26-njy noýabrda Aşgabatda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy.
Umumy mejlisde sanly ulgam arkaly Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri çykyş etdiler.
Çykyşlarda ulag ulgamy boýunça aragatnaşygyň harytlary daşamagyň çykdajylaryny azaltmak we dünýä bazarlaryna elýeterliligini gowulandyrmak nukdaýnazaryndan ähli döwletleriň geljegi üçin möhüm ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, goşulyşmak işlerini ýeňilleşdirmekde, obalaryň we şäherleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin has amatly şertleri döretmekde ulagyň wajyplygyna üns çekildi.
Maslahata gatnaşyjylar tutuş dünýä üçin durnukly ulag aragatnaşygyny gazanmagyň ähmiýetine we derwaýyslygyna ünsi çekip, ählumumy Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmekde durnukly ulagyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu senäniň baýram edilmeginiň multimodal ulag gatnawlarynyň artdyrylmagy, ekologik taýdan arassa ulaglaryň ösdürilmegi we durmuş ugurly ulag infrastrukturasynyň döredilmegi barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrjakdygy nygtaldy.
Ylmy-amaly maslahat öz işini «Durnukly ulag ulgamynda täze tehnologiýalar we çözgütler» hem-de «Durnukly ulag ulgamynda logistika we infrastruktura» atly iki mejlisde dowam etdi.
Halkara forumyň çäklerinde Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.