15 ýaşly Françesko Kamarda Italiýanyň çempionatynda oýnan iň ýaş futbolçy boldy

  • 27.11.2023 07:48
  • 9k+

«Milanyň» italiýaly hüjümçisi Françesko Kamarda “Fiorentina” bilen Italiýanyň çempionatynyň iň ýokary ligasynda meýdança girdi we A Seriýada çykyş eden iň ýaş futbolçy boldy.

Şol duşuşykda «Milan» «Fiorentinany» 1:0 hasabynda ýeňdi. Hüjümçi 15 ýaş, 8 aý, 15 günlük bolanda ilkinji gezek ýokary ligada çykyş etdi. Öňki rekord 15 ýaş, 9 aý 1 günlük bolanda meýdança giren, “Boloniýanyň” italiýaly goragçysy Uizdom Amiýä degişlidi.
Bu möwsümde Kamardanyň hasabynda 19 ýaşa çenli oýunçylardan düzülen “Milan” topary üçin oýnalan 15 oýunda salnan 7 gol we 2 sany netijeli pas bar. Şeýle hem italiýaly oýunçy 17 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Italiýanyň milli ýygyndysy üçin oýnalan 6 oýunda 4 gol geçirdi we 1 gezek netijeli pas berdi.
Stefano Pioliniň oýunçylary 13 oýundan 26 utuk toplap, Italiýanyň çempionatynda üçünji orunda barýarlar. “Fiorentina” 20 utuk bilen altynjy orunda barýar. Indiki tapgyrda “Milan” 2-nji dekabrda “Frozinoneni” kabul eder, “Fiorentina” ertesi gün öz öýünde “Salernitana” bilen oýnar.


düýn 23:43
5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......