Güne tarap uçurylan Aditya-L1 hindi kosmos stansiýasy barmaly nokadyna golaýlaýar

  • 27.11.2023 07:51
  • 9k+

Hindistanyň Aditya-L1 kosmos stansiýasynyň uçuşy soňky tapgyra gadam basýar, enjam 2024-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli Güne gözegçiligi amala aşyrjak Lagranž L1 nokadyna ýeter. Bu barada hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnath mälim etdi.

Somnath Press Trust of India habarlar gullugyna beren interwýusynda: "Aditya ýolda. Meniň pikirimçe, ol soňky tapgyryna ýeteňkirledi" - diýdi. Onuň sözlerine görä, stansiýanyň L1 nokadyna girmegi üçin soňky taýýarlyk görülýär. Somnath "L1-e girmek üçin iň soňky hereketler 7-nji ýanwara çenli tamamlanyp biler" – diýip Somnath sözüniň üstüni ýetirdi.
Güni öwrenmek boýunça ilkinji Aditya-L1 hindi awtomatiki stansiýasy 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykaryldy; üç hepde töweregi wagtdan soň enjam Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadyna tarap barýan traýektoriýa geçirildi. Uçuş 125 gün dowam etmeli. Enjam eýýäm Gün ýeli barada ylmy maglumatlary ýygnamaga başlady.
Lagranž nokadynda stansiýa Ýere we Güne görä hereketsiz galyp, Gün şöhlesini  ýazga almak bilen, Güne erkin gözegçilik edip biler.


16.09.2025 19:57
6.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...