Garri Keýn 2023-nji ýylda 49 gol bilen Holanddan we Ronaldudan öňe geçdi

  • 26.11.2023 12:50
  • 13k+

“Bawariýanyň” hüjümçisi Garri Keýn Bundesliganyň 12-nji tapgyrynyň “Kýoln” bilen oýnunda gol bilen tapawutlandy. 30 ýaşly oýunçy duşuşygyň 20-nji minutynda hasaby açdy.

Bu hüjümçiniň 2023-nji ýylda “Bawariýa”, “Tottenhem” we Angliýanyň milli ýygyndysy üçin 49-njy goludyr. Hiç bir futbolçy ondan köp gol geçirmändi.
Şeýlelikde, Keýn bu görkeziji boýunça “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holanddan we “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan öňde barýar. Olaryň hasabynda 48 gol bar. “PSŽ-den” Kilian Mbappede bolsa 47 gol bar.
Belläp geçsek, Germaniýanyň çempionatynyň 12 tapgyryndan soň “Bawariýa” 32 utuk bilen häzir birinji orny eýeleýär. Ýöne Lewerkuzeniň “Baýeriniň” (31 utuk) ätiýaçda oýny bar. “Kýoln” Bundesliganyň 12 tapgyryndan soň alty utuk gazanyp, ýaryş jedwelinde 18-nji orny eýeleýär.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......