Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty badalga aldy

  • 25.11.2023 23:59
  • 20k+

Şu gün, 25-nji noýabrda agşam Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. 

Ol Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraldy.
Sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Olar meýdançada hatara düzüldi.  
Dabaraly ýagdaýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.
Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi.
Soňra Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farmana söz berildi. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady. 
Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygyny nygtap, jenap Haýdar Farman sportuň kuraş görnüşini sportuny ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlary we goldawlary üçin IKA-nyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdi. 
Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara gargy tüýdüginiň owazy astynda türkmen tebigaty, ýurdumyzyň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi. 
Şeýlelikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejelerinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....