Aşgabatda Halkara kuraş assoasiasiýasynyň kongresi geçirildi

  • 25.11.2023 23:42
  • 4.1k+

Halkara kuraş assoasiasiýasy 25-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen kongresinde Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere ýokary baha berdi.

Bu assosiasiýa özüne Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 milli sport federasiýasyny birleşdirýär.

 

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde we dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Kuraş «Görogly» we «Gorkut Ata» ýaly halk eposlarynda hem agzalýar. Pälwanlar toýlarda we baýramçylyklarda özleriniň göreşijilik ussatlyklaryny görkezipdirler. 2003-nji ýylda kuraş Aziýada geçirilýän ähli yklym oýunlaryna resmi taýdan girizildi. Häzirki wagtda bu sporty beýleki iri ýaryşlaryň, şol sanda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak meseleleri öwrenilýär.

Göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan geçirilip başlandy. Şondan 2002-nji ýyla çenli ol her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa, her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

 

IKA-nyň kongresinde bellenilişi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Kuraş federasiýasy hem-de Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan jogapkärli we düýpli taýýarlyk işleri geçirilipdir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler, bu abraýly ýaryşyň geçirilmegine gatnaşýan adamlar, şeýle hem myhmanlardyr janköýerler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinden – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 310 meýletinçi taýýarlanyldy.
Şeýle hem myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklary döredilen «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görerler. «Aşgabat» kinoteatrynda kino görkezişler guralyp, myhmanlaryň ýurdumyzyň Arkadag ilkinji «akylly» şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin gezelençler guralar.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....