Audi TT modeliniň iň soňky ulagyny çykardy

  • 25.11.2023 11:35
  • 18k+

«Audi» 25 ýyllyk önümçilikden soň «TT» modelini çykarmagyny bes etdi. Kupeniň soňky nusgasy kompaniýanyň Dýere şäherinde ýerleşýän (Wengriýa) zawodynda öndürildi.

«Audi TT» ulagynyň prototipi ilkinji gezek 1995-nji ýylda Frankfurt halkara awtoulag sergisinde görkezilipdi, 1998-nji ýylyň fewral aýynda bolsa kupe kuzowly awtoulag köpçülikleýin öndürilip başlandy. Bir ýyldan soň «TT» kysymly ulaglaryň hatarynda rodster görnüşli ulag peýda boldy. Önümçiliginiň dowamynda awtoulagyň üç nesli çalşyldy, modeliň öndürilen umumy sany 662,8 müňe golaý boldy.
«Audi TT-niň» üçünji nesli «Volkswagen Golf» we «Skoda Oktawia» ýaly awtoulaglaryň binýadyny emele getirýän «MQB» modul platformasyna esaslanýar. Bu model önümçilikden aýrylmazdan öň onuň birnäçe ýörite hoşlaşyk nusgalary çykaryldy.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......