Gazagystan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetine saýlandy

  • 24.11.2023 15:51
  • 4.4k+

Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletleriň Baş Assambleýasynyň 24-nji sessiýasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça Gazagystan 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetine saýlandy. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, vlast.kz habar berýär.

Gazagystan üçin 118 döwlet ses berdi. Onuň bilen bir hatarda Komitete ýene sekiz täze agza saýlandy: Wýetnam, Keniýa, Liwan, Koreýa Respublikasy, Senegal, Türkiýe, Ukraina we Ýamaýka.
Hökümetara Bütindünýä mirasy komiteti ÝUNESKO-nyň iň möhüm we abraýly dolandyryjy edaralarynyň biridir. Komitet medeni we tebigy obýektleri Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt kabul edýän 21 döwletden ybarat. Komitete agza bolmak medeni we tebigy mirasy gorap saklamak meselelerinde Konwensiýa gatnaşýan döwletleriň bilermenlik potensialynyň ösmegine ýardam edýär.
Ministrlik Gazagystanyň 2013 – 2017-nji ýyllarda komitetde netijeli iş tejribesiniň bardygyny we ýurduň “komitetiň mundan beýläkki işine-de öz mynasyp goşandyny goşmaga taýýardygyny” belledi.


19.06.2026 11:22
4.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....