Türkmenistanyň Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Atly sportuň Halkara federasiýasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşdy

  • 24.11.2023 11:16
  • 7.7k+

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew 18-21-nji noýabry aralygynda Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Mehiko şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň barşynda ol Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşdy.

Şu ýylyň 18-nji noýabrynda Atly sportunyň Halkara federasiýasyna (FEI) agza bolan dünýäniň 136 döwletiniň Atly sport federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu Baş Assambleýada atly sportuň görnüşleriniň düzgünlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de (FEI) Atly sportunyň Halkara federasiýasynyň dürli komitetleriniň we dolandyryş müdiriýetiniň täze agzalaryny saýlamak boýunça ýygnak geçirildi. Mundan başga-da dünýäde atly sport we atçylyk boýunça gazanylýan üstünlikler barada durlup geçildi diýip, Medeniýet ministrligi habar berýär.
Atly sportuň Halkara federasiýasyna agza bolan daşary ýurt döwletleriniň atçylyk federasiýalarynyň wekilleri ýurdumyzda atçylyk pudagynda gazanylýan üstünliklere uly gyzyklanma bildirip, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezinde hem-de Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri alyp barmak, talyplary okatmak we atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň dürli ugurlary boýunça mümkinçilikleriň döredilmegini haýyş etdiler.
Dünýäniň dürli döwletlerinden gelen, atly sport boýunça federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda bilelikde ylmy işleri, Halkara maslahatlary, seminarlary we konferensiýalary guramak boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikirler alşyldy.
Mundan başga-da, ýurdumyzda Dünýä we sebitleýin çempionatlaryň kubogyny almak ugrunda tapgyrlaýyn bäsleşikleri geçirmek, atly syýahaty mahabatlandyrmak hem-de ösdürmek öwrenildi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......