Aşgabatda Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler

  • 24.11.2023 11:09
  • 11k+

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda azerbaýjan halkynyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Geýdar Aliýew — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlygy» atly konsert geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrligi habar berdi.

Konsert başlamazyndan ozal Mukamlar köşgüniň foýesinde Geýdar Aliýewiň durmuşyny hem-de durmuşa geçiren işlerini, şeýle hem Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi guralar.
Azerbaýjanyň «Mugam» ansamblynyň hem-de Türkmenistanyň simfoniki orkestriniň bilelikde gatnaşmagynda guraljak konsertde sazandalar Azerbaýjanyň halk aýdymlaryny hem-de kompozitorlaryň döreden tanymal eserlerini ýerine ýetirerler.
Konsert 19:00-da başlanar. Giriş tölegsiz.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......