Taryhda ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy Merkezi Aziýada geçiriler

  • 24.11.2023 10:13
  • 3.3k+

Samarkant 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji sessiýasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy. Bu barada Parižde konferensiýanyň 42-nji sessiýasynyň başlygy Simona-Mirela Mikulesku habar berdi diýip, gazeta.uz belleýär.

Çäre 1985-nji ýyldan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Pariž şäherinden daşynda geçiriler. Bellenilen ýylda konferensiýa Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilipdi.
Belläp geçsek, 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň hiç biri Baş konferensiýany 42-nji sessiýasyny geçirmäge çagyrmandy, şonuň üçin onuň geçiriljek ýeri hökmünde Pariždäki ştab-kwartira saýlandy. Öňki konferensiýalar hem (41-nji sessiýa, 39-njy, 38-nji, 37-nji, 36-njy, 35-nji, 34-nji) teklipleriň bolmandygy sebäpli Fransiýanyň paýtagtynda geçirildi.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ähli daşary ýurtly dostlaryna we hyzmatdaşlaryna konferensiýany Samarkantda geçirmek baradaky taryhy çözgüdi goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Sebitimizde ilkinji gezek geçiriljek bu möhüm global çäräniň Özbegistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ägirt uly siwilizasiýa potensialyny dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek görkezmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn” – diýlip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.


18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 09:55
890

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......