Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi başlandy

  • 23.11.2023 18:03
  • 8.6k+

Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi başlandy. Bu çäre 26-njy noýabra çenli dowam eder we oňa milli aýdym-saz, şekillendiriş sungatyna we senetçilige bagyşlanylyp guralýan sergileriň, çykyşlaryň çäklerinde 40-a golaý türkmen suratkeşleri gatnaşar diýip, Tehran Times habar berýär.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Şäher sungat zalynda geçiriler. Yspyhan uniwersitetinde hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebi sessiýa geçiriler.
Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda geçirildi. Şonda ýurdumyza ellä golaý eýranly suratkeş, şeýle-de sungat ussatlary, döredijilik toparlary gelip, öz çykyşlaryny hödürlediler.
Ikitaraplaýyn çäreleriň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň duşuşygynda medeni gatnaşyklar babatynda gazanylan şertnamalaryň hataryna girýär.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň uly ykdysady sergisi geçirilip, onda gurluşyk önümçiligi, oba hojalygy, maşyngurluşyk ýaly pudaklarda ýöriteleşen eýran kompaniýalary tanyşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......