FAO-nyň bilermenler topary Türkmenistana geldi

  • 22.11.2023 12:28
  • 6.2k+

FAO-nyň bilermenler topary «Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen, ownuk mallary köpeltmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak» taslamasynyň çäginde Türkmenistana geldi.

Toparyň maksady taslama gatnaşýan edaralaryň wekilleri bilen duşuşyklary guramak we Daşoguz welaýatynyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, şeýle hem bu taslama üçin mundan beýläkki çäreleri meýilleşdirmek. FAO hünärmenleriniň wekiliýetine maldarçylyk we ownuk mallary iýmitlendirmek, öri meýdanlaryndaky ösümlikleri we biodürlüligi hem-de landşafty toplumlaýyn dolandyrmak, öri meýdan meýilnamalaryny işläp düzmek we maglumatlar bilen işlemek boýunça hünärmenler girýär.
Hünärmenler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň wekilleri bilen dowam edýän we meýilleşdirilýän FAO taslamalary barada maglumat alyşmak üçin maslahatlary geçirerler. Saparyň çäginde FAO toparynyň agzalary Daşoguz welaýatyna baryp görerler, bu ýerde maldarçylygy we öri meýdanlaryny dolandyrmak üçin jogapkär ýerli häkimiýetleriň wekilleri bilen duşuşyklar we maslahatlar geçiriler.
Şeýle hem ýerli uzak öri meýdanlarynyň ýagdaýlary bilen tanyşmak üçin öri meýdanlaryna baryp görmek meýilleşdirilýär. Maslahatlardan we meýdan işlerine baha berlenden soň, halkara bilermenler we milli hyzmatdaşlar taslamany durmuşa geçirmek üçin geljekki wezipeleri kesgitlärler. Hususan-da, tygşytly iýmit önümçiligi we haýwanlary iýmitlendirmegiň häzirki zaman ulgamlarynda iýmitlendiriş tejribesini gowulandyrmak, öri meýdanlaryny we tebigy baýlyklary dolandyrmagy gowulandyrmak we netijede parnik gazlarynyň çykarylyşyny azaltmak arkaly taslamanyň garaşylýan netijelerine ýetmegi maksat edinýärler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......