Germaniýadan gelen sazandalar Aşgabatda konsert berdiler

  • 22.11.2023 12:21
  • 7.5k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäginde Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen pianinoçylar – Marsel Dornanyň we Ştefan Weýiň konserti geçirildi. Konserti GFR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we teatryň administrasiýasy gurady.

Marsel we Ştefan 27 ýyl bäri bilelikde çykyş edip gelýärler. Olaryň sözlerine görä, olar 100 ýurtda şonuň bilen birlikde Täjigistanda we Gazagystanda jemi 1000 konsert berdiler. Iki sany şadyýan sazanda: «Roýaly çalmak asla kyn däl» diýýär. Sahnada pianinoçylaryň ýüzi we elleri görkezilen ekran bar. Marsel we Ştefan çykyşlarynda meşhur aýdym-saz eserlerini düşündirmeklige çalyşýarlar. Olar meşhur «Happy birthday to you» hitini Ştrausyň «Walsy», Rossininiň «Sewilýa dellekçisi» ýa-da Wiwaldiniň «Ýylyň pasyllary» eserleri bilen birleşdirýärler. Olaryň aýdym-sazdaky bu usullary diňleýjilerde oňyn seslenme döredýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Konsertiň ahyrynda pianinoçylar Rimskiý-Korsakowyň iň çalt eseri bolan «Arynyň uçuşy» atly eserini ýerine ýetirdiler.


şu gün 10:10
1.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.8k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......