Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň daşary ýurtly myhmanlary Aşgabada gelýärler

  • 22.11.2023 11:48
  • 8.1k+

Ertir, 23-nji noýabrda Aşgabatda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty badalga alar. 28-nji noýabra çenli dowam etjek bu iri sport ýaryşyna gatnaşjak myhmanlar we türgenler Aşgabada gelýärler.

Aşgabada ilkinji bolup gelenleriň arasynda Kuraş halkara assosiasiýasynyň (IKA) baş sekretary Mohammad Reza Nassiri Nejata (Eýran) we Kuraş halkara assosiasiýasynyň wekili (IKA) Fatemeh Eslami (Eýran) bar.
Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň ýolbaşçylary we işgärleri bilen duşuşyp, paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän söweş sungaty sport toplumynyň işi bilen tanyşdylar. Çempionatyň ýokary guramaçylyk derejede geçirilmegini üpjün etmek üçin paýtagtyň myhmanhanalarynyň işgärleriniň we sport meýletinçileriniň hünärlerini ýokarlandyrmak babatda köp işler edildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda meýletinçiler üçin okuw seminary geçirildi.
Mundan başga-da, talyplar daşary ýurt dillerinde sport ýaryşlaryna teswirlemek boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşýarlar. Mysal üçin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryna ýurduň Halkara ýaýlym merkeziniň binasynda ussat hünärmenler hem-de sport kommentatorlary tälim berýärler.
50-den gowrak ýurduň wekillerini ýygnaýan Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda ýedi erkek we sekiz zenan agram derejesinde 15 medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.
Dünýä çempionatyna petekleri daşary ýurtly janköýerler we ýurdumyzyň ýaşaýjylary hem satyn alyp bilerler. Häzirki wagtda petekler Olimpiýa şäherçesiniň kassalarynda, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde (1-nji gatda) we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde (2-nji gatda) satylýar.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....