Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara söwda dolanyşygy 939,1 million dollara ýetdi

  • 22.11.2023 10:33
  • 3.5k+

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky statistika gullugynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 939,1 million dollar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% artdy.

Türkmenistan Özbegistandan 143,7 million dollarlyk harydy import etdi. Öz gezeginde, Türkmenistan goňşy ýurda 795,5 million dollarlyk önümi eksport  etdi.
Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda altynjy orny eýeledi. Sanawda birinji bäşlikde Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Türkiýe we Günorta Koreýa durýar.
Soňky ýyllarda Özbegistan Türkmenistandan energiýa çeşmelerini göni satyn almaga başlady. Geçen ýyl goňşy ýurtlaryň arasyndaky özara söwda 926,3 million dollarlyk boldy, bu bolsa 2017-nji ýyldakydan bäş esse ýokarydyr.


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......