Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbine bagyşlanan monografiýa çap edildi

  • 22.11.2023 08:00
  • 4k+

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewa “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi” atly ylmy monografiýany ýazdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

Mugallym öz ylmy işinde saz eserleri Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly bolan türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerini seljerýär. Olaryň arasynda Ýuliý Meýtusyň “Magtymguly” operasy, Aşyr Kulyýewiň “Magtymguly” simfoniki poemasy we Weli Muhatowyň “Magtymgulynyň ýadygärligine” atly 1-nji simfoniýasy bar.
Kitaba kompozitorlaryň dürli görnüşli saz eserleri, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň goşgularyna döredilen hor eserleri, aýdymlar we romanslar, şeýle-de “Magtymguly” filminiň sazy bar.
Ylmy-gözleg işiniň jemlemesinde netijeler we şahyryň goşgularyna döredilen saz eserleriniň sanawy hem-de peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy getirilýär.
Monografiýanyň awtory munuň Türkmenistanyň saz medeniýetiniň taryhynda kompozitorlaryň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bilen baglanyşykly ilkinji ylmy işdigini belleýär. Bu iş diňe bir ýurdumyzyň sazçylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin däl, eýsem şahyryň döredijilik mirasy bilen gyzyklanýanlar üçin hem peýdaly bolar.
“Ylym” neşirýaty tarapyndan çap edilen täze gözleg işi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly sowgat bolmak bilen, eýýäm sazçylyk ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasynda mynasyp orun eýeledi. 


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......