Alymlar allergiýa garşy täsirli diş pastasyny döretdiler

  • 21.11.2023 12:34
  • 9.2k+

Allergiýanyň immunoterapiýasy üçin diş pastasy 11 aý dowam eden synaglarda 100% netijelilik görkezdi. Barlagyň netijeleri bilen Amerikanyň allergiýa, demgysma we immunologiýa kollejiniň (ACAAI) her ýylda geçirilýän ylmy ýygnagynda tanyşdyryldy.

Arahise bolan allergiýa, köplenç, agyr alamatlar bilen ýüze çykýar we ýaşaýyş üçin howply bolup bilýär. Allergiýany ýeňilleşdirmek üçin agyz immunoterapiýasy ulanylýar – bedeni allergene öwrenişdirmek üçin lukmanyň gözegçiligi astynda arahis belogynyň az mukdarda dozalary kabul edilýär. Alymlar täze barlaglarda arahis bolan allergiýany ýeňilleşdirmek üçin ýörite işlenip düzülen diş pastasyny synagdan geçirdiler.
Barlaga arahise allergiýasy bolan 18 – 55 ýaş aralygyndaky 32 adam gatnaşdy. Olar 48 hepdäniň dowamynda diş pastasy ýa-da arahis belogy bolan diş pastasy bilen üpjün edildi. Synag pastasyndaky arahis belogynyň konsentrasiýasy yzygiderli ýokarlandyryldy. Arahisli diş pastasyny alan her bir adam iň ýokary mukdardaky beloklary hem kabul edip bildiler. Olarda diňe agzynda gyjynma döremek ýaly ýeňil oňaýsyz täsirler peýda boldy.
Gatnaşyjylaryň ählisi hem synagyň ahyryna çenli ýetdiler, bu bolsa  bejerginiň peýdalanylyp bilinjekdigini görkezýär. Mundan başga-da, immunoterapiýanyň bu görnüşi ulanylyşy giňeldilip we netijeliligi ýokarlandyrylyp bilner, çünki adam derman serişdelerini kabul etmezden, adaty durmuşda ýaşap, dişlerini arassalaýan wagty «özüni bejerip» biler.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......