Aşgabatda geçiriljek Dünýä Kuraş çempionaty üçin petek satuwy başlandy

  • 21.11.2023 10:02
  • 12k+

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty şu ýylyň 23-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Olimpiýa şäherçesiniň Söweş sungat toplumynda geçiriler. Bu iri möçberli çäräniň petekleri satuwa çykaryldy.

Bu Dünýä çempionaty Aşgabatda ýer ýüzündäki iň güýçli pälwanlary birleşdirer. Türkmenistanyň ýaşaýjylary we daşary ýurtly myhmanlar indi Olimpiýa şäherçesiniň kassasynda (Biznes merkeziniň golaýynda), Berkarar söwda merkezinde (1-nji gatda), Aşgabat söwda merkezinde (2-nji gatda) petek satyn alyp bilerler. Petegiň bahasy 25 manat.
Dünýä çempionatynyň maksatnamasynyň 25-nji noýabrda geçiriljek dabara bilen açyljakdygyny bellemelidiris. Sportçylaryň arasyndaky ýaryş 27-nji we 28-nji noýabrda geçiriler.
14-nji Dünýä Kuraş çempionaty gatnaşyjylaryň rekord derejede bolmagyna garaşýar. Ýetip gelýän dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 480-den gowrak adamlar, şol sanda 53 ýurtdan türgenler (241), tälimçiler, kazylar we beýleki işgärler meýletinlik etdiler.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....