OpenAl-yň öňki ýolbaşçysy Sem Altman Microsoft-yň emeli aň pudagynda öňdebaryjy gözleg toparyna goşuldy

  • 20.11.2023 21:59
  • 5.9k+

Microsoft kompaniýasy OpenAl-yň öňki baş müdiri Sem Altmany we egindeş esaslandyryjysy Greg Brokmany işe alýar. Altman anna güni müdirler geňeşi “onuň OpenAl-a ýolbaşçylyk etmek ukybyna ynamynyň ýokdugyny” aýdandan soň işden çykaryldy diýip, ixbt.com belleýär.

“Biz Sem Altmanyň we Greg Brokmanyň kärdeşler bilen bilelikde emeli aň pudagynda täze öňdebaryjy gözleg toparyna ýolbaşçylyk etmek üçin Microsoft-a goşulýandygyny habar bermäge şat. Biz olary üstünlik gazanmakda zerur çeşmeler bilen üpjün etmek üçin çalt hereket ederis” – diýip, Microsoft-yň baş müdiri Satýa Nadella aýtdy.

Mundan öň Twitch-iň baş müdiri we egindeş esaslandyryjysy Emmet Şiriň OpenAl-yň ýolbaşçysy wezipesine bellenilendigi belli boldy. Ol anna güni Altman işden çykarylandan soň OpenAl-yň wagtlaýyn baş müdiri wezipesine bellenilen Mira Muratiniň ýerine geçer.
Microsoft emeli aň pudagynda täze öňdebaryjy gözleg toparyny döretdi. Bu  Microsoft hususy emeli aň çibini döredýändigi barada yglan edeninden bir hepde soň boldy. Şeýle-de, Microsoft bulut iş ýükleri üçin Arm esasly hususy prosessoryny döretdi. Ýörite kremniý çipleriniň ikisi-de Azure maglumatlary işleýiş merkezleri üçin niýetlenendir.


11.06.2026 23:59
6.4k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....