Lýuis Hemiltonyň ilkinji Mercedes awtoulagy rekord baha — 18,8 million dollara satyldy

  • 20.11.2023 15:13
  • 12k+

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony beýik britaniýaly Lýuis Hemiltonyň Mersedes-iň düzüminde ilkinji ýeňşini gazanan awtoulagy Sotheby auksionynda 18,8 million dollara satyldy.

Auksion Las Wegas Gran Prisi wagtynda Wynn Las Vegas myhmanhanasynda geçirildi. Bu häzirki zaman Formula 1 awtoulagy üçin tölenen iň ýokary nyrhdyr. Sotheby ilkibaşda awtoulagyň bahasyny 10-15 million dollar diýip çaklady.
Hemilton 2013-nji ýylda bu awtoulagda Wengriýa Gran Prisinde ýeňiji bolupdy. Auksion öýüniň berýän maglumatlaryna görä, bu Mercedes-e,  toparyň ýolbaşçysy we baş direktory Toto Wolff-a ýa-da Hemiltonyň özüne degişli bolmadyk, häzirki döwrüň Mercedes F1-niň ýeke-täk awtoulagydyr. Sotheby -niň wekili ulagy kimiň satyn alandygyny aýtmakdan saklandy.
Hamilton 2013-nji ýyldan bäri Mercedes-iň adyndan çykyş edýär we bu döwürde topar bilen alty çempionlyk derejesini gazandy we 82 gezek Gran-Priniň ýeňijisi boldy. 38 ýaşly britaniýaly türgen ýeňişleri (103), poul-orunlary (104) we podiumda (197) ýeňiş gazanmak boýunça Formula 1-iň rekordyny eýeleýär. Gran-Pridäki soňky ýeňşini 2021-nji ýylda gazanypdy.


29.05.2026 23:29
3.7k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....