Microsoft «Wonka» filmine bagyşlanan Xbox çykardy

  • 20.11.2023 15:08
  • 7.8k+

«Microsoft» «Wonka» filminiň çykmagyna bagyşlanan «şokoladdan» özboluşly «Xbox Series X» oýun konsoly toplumyny hödürledi. Bu barada habar kompaniýanyň web sahypasynda çap edildi.

Aksiýanyň çäklerinde «Microsoft» süýjülikleri we wideo oýunlaryny halaýanlara özboluşly sowgat toplumyny utmak mümkinçiligini berýär. Toplum şokolad plitkasy şekilinde dizaýn edilen «Xbox Series X» oýun konsolyny, biri şokoladdan ýasalan we hakyky bolmadyk üç sany oýun dolandyryş enjamyny (geýmpad), konditer dükanynyň tekjesi hökmünde şekillendirilen diregi, bäş sany şokolad trýufeli we üç aýlyk «Xbox Game Pass Ultimate» agzalygyny öz içine alýar.
Ýekeje nusgada çykarylan kolleksion toplum «X» sosial ulgamynda (öňki «Twitter») bije çekişlik arkaly sowgat berler. Bije çekişlige gatnaşmak üçin «Xbox-yň» resmi hasabyna ýazylmaly we ýazgyny paýlaşmaly. Ýeňiji 2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda yglan ediler. Bäsleşige «Xbox» bölüminiň resmi taýdan hereket edýän ýurtlaryndan ulanyjylar gatnaşyp bilerler.
«Wonka» filminiň surata 15-nji dekabrda çykmagyna garaşylýar. Ol 1971-nji ýylda çykarylan «Willy Wonka we şokolad fabrigi» filminiň prikweli bolar we onda keşbi Timoti Şalame janlandyrar.


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...