Ford Ranger Raptor 88 santimetrlik aralykdan geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 19.11.2023 21:06
  • 18k+

Ginnesiň rekordlar kitaby täze awtoulag rekordynyň wideosyny çap etdi. Ford Ranger Raptor kysymly awtoulag iki tekerinde 88 santimetr giňlikdäki aralykdan geçmek bilen, rekord goýdy. Ulagy öňem birnäçe rekordy goýan iňlis kaskadýory Pol Swift sürüp geçdi.

Swiftiň aýtmagyna görä, bu rekordy goýmak oňa aňsat düşmedi we munuň üçin ol öňem birnäçe gezek synanyşypdy. Üýtgäp durýan güýçli ýel we pikapyň beýikligi muňa päsgel berdi – Raptor, adaty Ranger bilen deňeşdirilende, aşagynyň ýerden beýikligi we agramynyň artdyrylandygy bilen tapawutlanýar.
Iki tekere ynamly galmak üçin berkidilen rampa gurmaly boldy. Şol bir wagtyň özünde, kaskadýor bu modeli onuň hut ygtybarlylygy üçin saýlandygyny aýtdy.
Bu rekord şanly gün mynasybetli goýuldy: noýabr aýynyň her üçünji penşenbesi Ginnesiň bütindüýä rekordlar kitabynyň güni hökmünde bellenilýär.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....