Haýsy ýurtda has köp awtomobil satylandygy belli boldy

  • 18.11.2023 22:18
  • 39k+

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda dünýäniň awtoulag bazarynda täze awtomobilleriň satuwy 10,7% ýokarlandy. Bu barada LMC Automotive konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Tomsuň soňky aýynda jemi 7 mln 806 müň awtoulag satyldy.

Oktýabr aýynda satuw boýunça birinji orny 2 mln 766 müň awtomobil bilen Hytaý (2022-nji ýyldaky görkezijä +10,7%) eýeleýär. Ikinji orunda ABŞ ýerleşýär, bu ýerde 1 mln 205 müň awtomobil satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 2,2% köpdür.
Oktýabr aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň awtomobil bazarlary 1 mln 064 müň awtoulag boldy (+13,3%). Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynda awtomobil satuwy 49,3% ýokarlanyp, 352,8 müň birlik boldy.
Günorta Amerikada ýerli dilerler 246,4 müň awtomobil satdylar, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 24% köpdür. Dünýäniň iň uly awtoulag bazarlarynyň arasynda Ýaponiýany (394,8 müň birlik, +10,4%), Kanadany (151 müň birlik, +17,8%) we Koreýany (138,6 müň birlik, -2,1%) hem bellemek gerek.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýy aralygynda dünýäniň awtoulag bazarynda 73 mln 472 awtoulag satyldy (2022-nji ýylyň görkezijisine +10,4%).


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....