Microsoft Mac, iPhone, Windows PC we beýleki enjamlar üçin Windows programmasyny hödürledi

  • 18.11.2023 10:05
  • 3.4k+

Ignite 2023 çäresinde Microsoft kompaniýasy Windows-li enjamlar, macOS, iOS we beýleki platformalar üçin täze Windows App programmasyny yglan etdi.

Işläp düzüjileriň belleýşi ýaly, onuň kömegi bilen ulanyjylar Windows 365-e, Azure wirtual iş stolyna, Microsoft Dev Box-a ýa-da şahsy iş stoly kompýuterine, olaryň nirededigine garamazdan, uzak aralykdan birigip bilýärler. Windows App  programmasynyň deslapky wersiýasyny Microsoft Store-dan, şeýle hem Apple TestFlight programmasyndan ýükläp alyp bolýar.
Microsoft Windows App-yň ähli birikdirilen enjamlaryňyzy we programmalaryňyzy dolandyrmak üçin uniwersal ýer diýip belleýär.
Interfeýsiň ýokarsynda Windows 365-li bulutly personal kompýuter, Microsoft Dev Box we Azure Wirtual Desktop (AVD) ýaly berkidilen enjamlaryň sanawy bar. Soň bolsa berkidilen programmalaryň sanawy gidýär.
Beýleki enjamlaryň we amaly programmalaryň menýusyndan ondan-oňa geçip bolýar, şeýle hem sanawlary giňeltmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem “Sazlamalar” opsiýasy ýerleşýär.


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...