Instagram postlary we Reels üçin «Ýakyn dostlar» filtrini goşdy

  • 17.11.2023 12:35
  • 3.2k+

Instagram sosial ulgamynyň işläp düzüjileri ulanyjylaryň mümkinçiliklerini giňeltjek täze bir aýratynlyk goşdular. Indi olar öz postlarynyň we Reels-iň auditoriýasyny diňe “ýakyn dostlar” üçin çap etmek arkaly çäklendirip bilerler. Bu barada TechCrunch habar berýär.

Şeýle neşirleri döretmek üçin menýudaky “Auditoriýa” bölümini açmaly we içindäki “Ýakyn dostlar” sanawyny saýlamaly. Lentada şeýle ýazgylary ýaşyl ýyldyzyň barlygy boýunça kesgitläp bolýar. Şeýle neşirleriň we Reels-iň aşagyndaky halanmalar we teswirler saýlan sanawyňyzdaky ähli ulanyjylara görner.
Neşir edilen mazmunyň ähli görnüşleri üçin ýakyn dostlaryň sanawynyň birmeňzeş boljakdygy hem mälimdir.
Instagram “Ýakyn dostlar” filtrini 2018-nji ýylda hödürläpdi. Ilkibaşda ol diňe “Stories” üçin elýeterlidi.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
985

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....