Ertir Gyrgyzystanda GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň güýzki sessiýasy geçiriler

  • 15.11.2023 23:18
  • 4k+

Gyrgyzystan GDA-nyň gatnaşyjy döwletleriniň Parlamentara assambleýasynyň güýzki sessiýasyny kabul edýär. Iki gün – 16-17-nji noýabrda dowam etjek sessiýada halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, adam hukuklaryny goramak, sosial, ýaşlar we medeni taslamalary ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe çäre geçiriler diýip, rg.ru habar berýär.

Sessiýanyň işiniň birinji gününde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Şol bir wagtyň özünde Bişkek meýdançasynda GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk, sosial syýasat we adam hukuklary boýunça hemişelik komissiýalarynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň mejlisleri geçiriler.
Sosial syýasat we adam hukuklary boýunça Parlamentara assambleýasynyň hemişelik komissiýasy, öz gezeginde, “GDA gatnaşyjy döwletlerde derman serişdeleri bilen üpjün etmek baradaky” nusgawy kanunyň taslamasyna sereder we Arkalaşygyň ýurtlarynda zähmet goragynyň kadalaryny we migrasion syýasaty ara alyp maslahatlaşar.
17-nji noýabrda bolsa Bişkekde assambleýanyň hasap boýunça 56-njy umumy mejlisi geçiriler. Şol gün parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we gatnaşyjylary Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara konferensiýa gatnaşarlar. 


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......