Özbegistan 2024-nji ýylda iň gowy syýahatçylyk ugry boldy

  • 16.11.2023 13:47
  • 6.1k+

Özbegistan mart aýynyň başynda Londonda geçirilen World Travel Mart halkara syýahatçylyk sergisinde iň gowy syýahatçylyk ugry hökmünde ykrar edildi. Bu barada daryo.uz portaly habar berýär.

Meşhur “Lonely Planet” syýahatçylyk neşiriniň wise-prezidenti Tom Brodi Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Jamşid Abdusalamowa ýörite şahadatnama gowşurdy.
Özbegistan özüniň gadymy şäherleri, milli aşhanasy, dag goraghanalaryna gezelençleri, şeýle-de ýerli senetçilik däpleri bilen syýahatçylary özüne çekýär.
Özbegistanda iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri öz arhitektura ýadygärlikleri bilen şöhratlanýan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi bolan gadymy Samarkant, Buhara we Hywa şäherleridir. 


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......