Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna daşary ýurtlardan 240-dan gowrak türgen geler

  • 15.11.2023 15:03
  • 13k+

Kuraş sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 50 ýurdundan 240-dan gowrak türgen Aşgabat şäherine geler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Dünýä birinjiliginde 60 medal ugrunda ýaryşlar geçiriler. Çempionatyň özünde Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Sport ýaryşlary jemi 15 agram derejesinde, şolaryň 7-si erkek we 8-si bolsa zenan agram derejesinde geçiriler. Bellenilişi ýaly, ýaryşlara Türkmenistanyň ýokary derejeli eminler topary eminlik eder.
Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyny guramçylykly geçirmek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat 300 töweregi meýletinçi taýýarlandy. Olara degişli taýýarlyk okuwlary geçildi.
Kuraş sporty boýunça dünýä çempionaty 23-28-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....