Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçileri Aşgabatda metbugat ýygnanyşygyny geçirer

  • 15.11.2023 14:35
  • 10k+

15-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň Maslahatlar zalynda Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynyň «E» toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda, oýundan öňki metbugat ýygnanyşygy geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, metbugat ýygnanyşygy ilki 18:00-da Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň hem-de ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň biriniň gatnaşmagynda geçiriler.
18:30-da bolsa metbugat wekilleriniň sowallaryna Özbegistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Sreçko Katanes bilen bu ýygyndy toparyň oýunçylarynyň biri jogap bererler.
Geçiriljek metbugat ýygnanyşygyň öňüsyrasynda metbugat wekillerine akkreditasiýa kartlary gowşurylar.
Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk “Aşgabat” köpugurly stadionynda 16-njy noýabrda geçiriler.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
1.9k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....