Aşgabatda 22 döwletiň gatnaşmagynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirilýär

  • 15.11.2023 13:12
  • 6.5k+

14-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasy başlandy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Bu internet olimpiadasyna dünýäniň 22 ýurtlarynyň, şol sanda GDA döwletleri, 58 ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşýar.
710 talybyň gatnaşmagynda geçirilýän bu internet olimpiadasyna Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň wekilleri eminlik eder. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň, Belarus Respublikasynyň Belorus döwlet uniwersitetininiň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň professorlary bar.
Bu internet olimpiadasynyň esasy wezipesi zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýokary okuw mekdepleriniň aýry-aýry ylmy merkezleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.
Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde, şol sanda şahsy bäsleşikler “A” we “B” kategoriýalarda geçiriler.
Himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy 17-nji noýabrda geçiriler. Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar sylaglanar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......