Serdar Berdimuhamedow «Parahat» ýaşaýyş toplumynda jaýlaryň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 15.11.2023 08:05
  • 22k+

14-nji noýabrda dikuçarda Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşlygynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow şäheriň günorta künjegindäki «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy.

Wise-premýer B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna «Parahat» ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy hem-de Aşgabadyň şu künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk işleriniň we meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň yzygiderli ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......