Dünýä çempionaty — 2026: Aşgabatda Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygy geçiriler

  • 14.11.2023 15:17
  • 23k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň milli ýygyndysyny kabul eder.

Resmi duşuşyk 16-njy noýabrda sagat 19:00-da paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçiriler.
Häzirki wagtda türkmen milli ýygyndysy bu resmi duşuşyga taýýarlyk görýär. Ýygyndynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ýygynda 30 töweregi futbolçy çagyryp, olar bilen türgenleşikler geçirýär.
Mundan başga, noýabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýene-de bir resmi duşuşyk geçirer. Türkmenistan 21-nji noýabrda myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen duşuşar.
«E» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy Eýranyň milli ýygyndysy bilen hem duşuşar.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

şu gün 08:03
1.9k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.6k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....