Microsoft Photos programmasynda fotosuratlaryň fonuny aýyrmak we çalyşmak funksiýasy peýda boldy

  • 13.11.2023 16:01
  • 3.9k+

Microsoft kompaniýasy Windows Insider barlag synagyna gatnaşyjylar üçin Photos programmasyna möhüm täzelenme berdi. 2023.11110.8002.0 belgili apdeýt birnäçe täze aýratynlyklary we üýtgeşmeleri getirýär.

Iň möhüm täzelik — şekiliň fonuny aýyrmak we çalyşmak ukybydyr. Ondan öň şuňa meňzeş funksiýa Microsoft Paint programmasynda peýda bolupdy.
Mundan başga-da, programma ulanyjy interfeýsinde käbir üýtgeşmelerini başdan geçirdi. Mysal üçin, ozal ulaltmak we doly ekran opsiýalary ekranyň ýokarsynda ýerleşýärdi. Indi sag aşaky burça geçirildi. Kontekst menýusy we käbir beýleki elementler hem kämilleşdirildi.
“Fotosuratlar” programmasyndaky täze täzelenme ýakyn hepdelerde ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolmaly.


02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
843

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...

26.07.2025 16:58
1.9k+

Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy

Microsoft gibrid birikmesi bolan Surface Laptop 5G-niň korporatiw wersiýasyny bildiriş etdi. Enjam 26-njy awgustda 1799 dollardan  satuwa çykar diýip, The Verge ýazýar. Täze önüm nano-SIM üçin lotok we eSIM moduly bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi-ýa bagly bolmazdan 5G toruna birikmegi üpjün edýär...