Google Chrome her saýtyň sarp edýän ýadynyň möçberini görkezmegi öwrendi

  • 13.11.2023 15:42
  • 4.1k+

Meşhur “Google Chrome” brauzeri ulanyjylara her saýtyň sarp edýän ýadynyň möçberi (RAM) barada duýduryş berýän täze funksiýa girizdi.

Täze funksiýa brauzerdäki her açyk penjirede operatiw ýadyň sarp edilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ulanyjylara kompýuteriň işiniň haýallamagynyň we ulgamyň işinde näsazlyklaryň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Funksiýa “Memory Usage” diýlip atlandyrylýar. Ol saýtda ulanylýan RAM-yň sarp edilen möçberi barada maglumaty görkezýän penjire hökmünde döredildi. Bu maglumatlary kursory her saýtyň üstünde gezdirmek arkaly görmek mümkindir.
“Memory Usage” funkiýasynyň kömegi bilen ulanyjy haýsy açyk sahypalaryň enjamyň çeşmelerini has köp sarp edýändigini kesgitläp biler we zerur bolmasa, olary ýapyp biler. Bu operatiw ýady boşadar we kompýuteriň umumy işleýşini gowulandyrar.
Bu aýratynlyk ozal “Google Chrome-yň” beta nusgalarynda görlüpdi. Indi ol 2023-nji ýylyň noýabr aýynda çykyp başlan “Google Chrome 119” atly durnukly nusgada ähli ulanyjylar üçin elýeterli edildi.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...