Köpetdagyň eteginde 600 ahalteke aty üçin niýetlenen athana açyldy

  • 12.11.2023 18:08
  • 16k+

Şu gün, 12-nji noýabrda Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.
Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bu pudagyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, maddy we tehniki binýadyny berkitmek, tohum atlaryň sanyny köpeltmek üçin yzygiderli çäreler görülýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde gurlan ajaýyp atçylyk merkezleri, şeýle hem ahalteke atlarynyň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan adamlaryň Ýer ýüzündäki barha artýan meşhurlygynyň netijesidir.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......