Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

  • 12.11.2023 17:58
  • 11k+

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Şeýle hem, bellenilişi ýaly, YHG bilen hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstaşyr ulag gatnawlary boýunça Çarçuwaly ylalaşygyny” hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak boýunça degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň sammitdäki çykyşynda serhetýaka we sebit söwdasyny ösdürmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerini doly ulanmak baradaky meselä deglip geçildi. Bu babatda ýurdumyz goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek we şu maksat bilen, YHG-nyň hünärmenlerini çekmek boýunça teklip beýan edildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň halkara we sebit guramalarynda, hususan-da, YHG-da wekilçilik etmegine degişli teklip hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we gurama agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......