Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberdi

  • 11.11.2023 11:39
  • 9.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar. Düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň, býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, maýa goýumlary köpräk çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu resminamanyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, baş maliýe meýilnamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......