Kanadaly alymlar rak öýjüklerini ýok etmek üçin nanorobotlary döretdiler

  • 11.11.2023 12:02
  • 10k+

Toronto uniwersitetiniň Robototehnika institutyndan professor Ýu Sun we onuň topary magnit meýdançasy bilen işjeňleşýän we rak öýjüklerini ýok edýän nano-skalpelli kiçijik robotlary döretdiler diýip, The Guardian habar berýär.

Himioterapiýa onkologiýa keselleriniň başlangyç tapgyrlaryny bejermegiň adaty usuly bolup galsa-da, wagtyň geçmegi bilen hassalarda oňa bolan durnuklylyk ýüze çykyp başlaýar. Bu, aýratynam, beýniniň rak keseliniň giňden ýaýran we agressiw görnüşi bolan glioblastomaly (Glioblastoma multiforme, GBM) hassalarda bolup geçýär. Kanadaly alymlaryň işläp taýýarlamalary hassalara umyt berýär.
Demir oksidi bilen doldurylan we antibedenjikler bilen örtülen magnitli uglerod nanoturbajyklary çişe goýberilýär we örtügiň kömegi bilen rak öýjüklerini ýüze çykarýarlar. Soňra aýlanýan magnit meýdançasy turbajyklary aýlandyrýar. Uglerod nanoturbajyklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin alymlar magnit katuşkalaryny ulanýarlar.
Nanoturbajyklar adam organizminiň öýjüklerine aralaşyp bilýärler. Aýlanmak bilen olar rak öýjüklerini ýok edýärler. Onuň syçanlardaky synagy üstünlikli geçdi: çişiň ululygy kiçeldi, haýwanlar uzak ýaşadylar. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, rak öýjükleriniň mehaniki taýdan ýok edilmegi möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi himiki täsir öwrenişmäni ýüze çykaryp bilýär. 


11.05.2026 23:19
4k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.5k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.5k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....