TDLU biologiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyny geçirer

  • 10.11.2023 14:14
  • 3.6k+

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça 2-nji Halkara internet olimpiadasyny geçirer.

Ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berlişi ýaly, halkara olimpiadasynyň geçirilmegi dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň nazary we amaly soraglary boýunça özara pikir alyşmaklaryna ýardam berer.
Biologiýa boýunça geçiriljek Halkara internet olimpiadasyna degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň resmi saýtynyň «Olimpiada-2023» bölüminde ýerleşdiriler.
Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda sagat 18:00-a çenli amala aşyrylar.

Habarlaşmak üçin:
Telefon:
+993-12-48-99-32;
+993-63-58-51-11;

Elektron salgy: tdlu.olimp23@gmail.com


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......