Samarkantda çalt oýnalýan küşt boýunça dünýä çempionaty geçiriler

  • 10.11.2023 08:56
  • 2.7k+

2023-nji ýylda rapid we blitz boýunça dünýäniň küşt birinjiligi 26-njy dekabrdan 30-njy dekabr aralygynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriler. Bu barada Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) prezidenti Arkadiý Dworkowiç aýtdy diýip, championat.com habar berýär.

“FIDE Özbegistanyň baý küşt däbini we onuň soňky döwürde küşt boýunça güýçli döwlete öwrülmegini ykrar edýär. Küşt üçin bu yhlas we maýa goýumlar bu abraýly çäräni geçirmegi Özbegistana tabşyrmaga iterdi” – diýip, FIDE-niň resmi saýty Dworkowiçiň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda çalt oýnalýan küşt boýunça dünýä çempionaty Almatada (Gazagystan) geçirildi. Zenanlaryň arasynda rapidde hytaýly Tan Çžuni ýeňiş gazandy. Blitzde Gazagystandan Bibisara Asaubaýewa ýeňiji boldy. Iki dissiplina boýunça açyk ýaryşda norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen çempion boldy.


18.04.2026 12:18
4.7k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

15.04.2026 14:03
3.4k+

Özbegistanly grossmeýster dünýäniň küşt täji üçin Gukeş Dommaraju bilen bäsleşer

Özbegistanly grossmeýster Žawohir Sindarow Kiprde geçirilýän dalaşgärleriň küşt ýaryşynda möhletinden öň ýeňiş gazandy. 9,5 utuk toplan 20 ýaşly küştçi ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda iň ýakyn......

06.04.2026 10:44
9.2k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....

24.03.2026 10:21
2.4k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...