The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

  • 06.04.2026 10:44
  • 9.3k+

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi.

«Abdukodir Husanow — özbekleriň Kriştianu Ronaldusydyr. Paýtagt Daşkentde «The Athletic» neşiri bilen aragatnaşyk saklaýan her bir adam, futbol bilen gyzyklanýandygyna ýa-da gyzyklanmaýandygyna garamazdan, Husanowy tanaýar. Onuň keşbi äpet mahabat tagtalaryny bezeýär, şahsy durmuşyndaky möhüm wakalar bolsa milli habarlara çykýar. Dünýä çempionatyndaky ýeňişlere bolan ähli umytlar «Mançester Sitiniň» 22 ýaşly merkezi goragçysynyň egninde dur» diýip, «The Athletic» özüniň "X" (ozalky Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazýar.

Husanow şu möwsümde klubuň düzüminde ähli ýaryşlarda jemi 30 duşuşyk geçirdi.

Şu ýylyň tomsunda Özbegistanyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar. Topar «K» toparynda Portugaliýa, Kolumbiýa we Kongo DR ýygyndylary bilen güýç synanyşar.


düýn 10:24
4.5k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.5k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.4k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......